Talyplaryň arasyndäki özara bäsleşik

Ýaňy ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda giň gözýetimli ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen «Hünärli il ozar» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň barşynda talyplar Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatyny giňden wagyz edip, özleriniň başarjaňlygyny, okuwlaryna bolan höweslerini, saýlap alan kärleriniň durmuşdaky ornuny beýan etmek boýunça taýýarlan çykyşlaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijsinde ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.