“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen “Bureu Veritas Marine Kazakhstan” klassifikasion jemgyýeti hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini alyp barýar

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Bureu Veritas Marine Kazakhstan” klassifikasion jemgyýetiniň (BV) wekilleriniň  arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Balkan gämi gurluşyk zawodynda meýilleşdirilýän gämi gurluşyk taslamalary barada habar berdi. Türkmenistanyň gämi gurluşyk pudagynyň geljegini aýratyn belläp, Agentlik tarapyndan BV kompaniýasyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi we kompaniýanyň Türkmenistanda şahamçasyny açmagy teklip edildi.

         Bilşimiz ýaly, BV  klassifikasion jemgyýeti 1828-nji ýylda döredilip, 11 (on bir) sany ägirt uly klassifikasion jemgyýetiniň biri bolup durýar. BV deňizde hapalanmagyň öňüni almak, şeýle hem, gämileriň gurluşygyna tehniki gözegçilik etmek we olara şahadatnamalary bermek boýunça halkara hyzmatlaryny berýär. BV-niň wekilhanalary dünýäniň 140 ýurdunda hereket edýär. 2020-nji ýyldan bäri, Agentlik bilen baglaşylan şertnama esasynda BV  halkara talaplaryna laýyklykda Türkmenistanda hasaba alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Duşuşykda, wekiller öz gezeginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler we hyzmatlar üçin zerurlyk artan halatynda daşary ýurtlardan (Türkiýe, BAE) wekillerini Türkmenistana çekmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler.

         Şeýle-de, wekiller şol gün “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody paýdarlar jemgyýetinde, we “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetinde duşuşyklar geçirdiler. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalary dowam etdirjekdiklerini bellediler