Yslamabat şäherinde sişenbe güni Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda bilelikdäki sergileri, işewürler wekiliýetleriniň özara saparlaryny hem-de maýa goýum forumlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Atajan Möwlamow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, söwda-ykdysady mümkinçilikleri we daşary ýurt maýadarlaryny çekmek barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de, duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi.
Gepleşigiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda birek-birege gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.