Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutany BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu halkara çäre awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara forumyň geçiriljek ýerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow görülýän taýýarlyk çäreleriniň esasy tapgyrlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny hem-de myhmanlaryň ýokary derejede kabul edilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berdi. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde hyzmatlar ulgamy doly ýola goýlup, maslahata gatnaşyjylaryň dynç almaklary hem-de gezelenç etmekleri üçin mümiinçilikler döredilipdir.
Maslahatyň maksatnamasynda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni çäreleriň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çäreleriň geçiriljek ýerindäki taýýarlyk işleri bilen tanyşyp, halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni maksatnamanyň ýagdaýyna baha berdi.
Serdar Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, Aşgabat şäherine ugrady. Bu sapar LLDC3 maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça giň gerimli çäreleriň bir bölegi bolup, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Awazada geçiriljek LLDC3 maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde duran meseleler we mümkinçilikler boýunça pikir alyşmak maksady bilen dünýäniň döwlet baştutanlaryny hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyna we dünýä derejesindäki gepleşikleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşýandygyny görkezýär.