Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky LLDC maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji awgustda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada Gazagystan Prezidentiniň resmi metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Kasym-Žomart Tokaýew 5-8-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, durnukly ösüş meseleleri hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Awazadaky bu çäre dünýä liderleri bilen halkara ösüş hyzmatdaşlarynyň arasyndaky dialog üçin esasy platforma (meýdança) bolar. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahat her on ýylda bir gezek geçirilýär.