2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023" atly halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Forumyň esasy ugurlary şulardan ybarat boldy:
- halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri, multimodallylyk we onuň ulag we logistika amallaryny ýönekeýleşdirmekdäki orny;
- gatnaşyjy ýurtlaryň ulag potensialyny ösdürmekde esasy ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelegesiniň orny;
- durnukly ösüşi gazanmakda we ulag ulgamy üçin amatly şertleri döretmekde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk.
Iki gün dowam eden forumyň çäklerinde «Baku halkara deňiz söwda porty», «APM Terminals», «MAERSK», «MSC Georgia», «India Ports Global Limited», «Узбекуголь» PJ, “John Gold” ýaly taraplar bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda halkara ulag pudagy we uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýulmagynyň geljegi ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem forumyň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen möhüm resminamalara gol çekildi:
1. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Türkiýe Respublikasynyň “Albayrak Group” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ÄHTNAMA;
2. 1. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Hindistan Respublikasynyň “Anipra Impex” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ÄHTNAMA;
3. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen «Býuro weritas Marin Gazagystan» JÇJ-ň arasynda hyzmat etmek barada ŞERTNAMA;
4. «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Russiýanyň deňiz gämi gatnaw Registriniň arasyndaky söwda deňiz gatnawyna degişli halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyklykda gämileri barlap görmek we resminamalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlara bolan ygtyýarlyklary ygtyýarlandyrmak baradaky Ylalaşygyň» 1 belgili GOŞUNDYSY.
Şeýle hem, 5-nji maýda foruma gatnaşyjylar «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, zawodyň gurluşy we ýerine ýetirýän işi we deňiz portunyň mümkinçilikleri, hyzmatlary, häzirki zaman tehnikalar we enjamlar bilen ornaşdyrylan terminallary (ýolagçy-parom terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly) bilen ýerinde tanyşdylar.