Rus hyzmatdaşlary bilen deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek

2023-nji ýylyň 15-nji maýynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Russiýanyň deňiz gämi gatnaw registriniň arasyndaky söwda deňiz gatnawyna degişli halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyklykda gämileri barlap görmek we resminamalary resmileşdirmek boýunça hyzmatlara ygtyýarlyklary bermek baradaky Ylalaşygyň çäklerinde Agentligiň  hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Sankt-Peterburg şäherinde okuwlara başlandy.

Täze bilimleri özleşdirmegiň geljegini göz öňünde tutup, bu okuw hünärmenleriň deňiz gatnawyndaky gözegçiligini we howpsuzlyk hünäriniň derejelerini ýokarlandyrmagyna ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy deňizde söwda gämi gatnawy, gämileri taslamalaşdyrmak we gurmak, deňiz ulaglarynyň hünärmenlerini taýýarlamak we tejribe alyşmak ugurlarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Russiýanyň deňizde gämi gatnaw registri (Deňiz Registri) dünýäde abraýly öňdebaryjy klassifikasiýa jemgyýeti bolup, deňizde adam janynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, gämileriň gözegçilik howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, deňizde we içerki suw ýollarynda harytlaryň howpsuz daşalmagy we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri we standartlary işläp taýýarlamak boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Mundan beýläk hem Agentlik bilen Deňiz Registinriň arasynda deňiz ulagy boýunça hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleşdirilýär.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi