Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Ilham Aliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi.

Azerbaýjan Lideri "Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan" formatyndaky üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşyk ikiçäk formatynda hem-de giňişleýin düzümde geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygy we durnukly hyzmatdaşlyk derejesinde ösýändigi aýratyn bellenildi.

Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Türkmenistana geldi.