Türkmenistan we Monako Knýazlygy diplomatik gatnaşyklaryň 10 ýyllygyny belleýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasy Albert II-a we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini hem-de onuň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar edip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Albert II bilen duşuşdy.