2025-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada http://tdh.gov.tm internet sahypasynda habar berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra ýerine ýetirilen aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp edildi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.
Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurdumyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Şeýle-de ýatakhanada harby gullukçylaryň gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, gündelik we möwsümleýin harby lybaslary saklamaga niýetlenen, döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe otaglar bar. Mundan başga-da, degişli lybaslary we beýleki goşlary saklamak üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ähli ýaşaýyş-durmuş talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, ekologik arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem naharhanada dürli görnüşli tagamlary taýýarlamak üçin enjamlaryň kämil görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Olar gündelik bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün eder. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirer.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.