Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlyk boýunça CIET-2025 forumy geçiriler

Türkmenistanda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara konferensiýa we sergi (CIET-2025) geçiriler. Oňa Ýaponiýa, Türkiýe, Günorta Koreýa, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki ýurtlardan 300-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy habar berilýär.

CIET-2025 3–4-nji noýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Guramaçylar ony ýerli telekeçiler üçin dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esasy platforma diýip atlandyrýarlar. Birnäçe daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistana ilkinji gezek gelerler.

Ýokary derejeli gatnaşyjylaryň arasynda “Mitsubishi Heavy Industries”kompaniýasynyň Prezidenti we Baş direktory Eisaku Ito, “Çalık Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Kawasaki Heavy Industries Ltd”-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň direktory Tomohiro Takashina we “CONNEX Support Unit”-iň hyzmatdaşlyk we donor gatnaşyklary boýunça uly geňeşçisi Richard Dion hem bar.

CIET-2025-iň çäklerinde uly infrastruktura taslamalarynyň düýbüniň tutulyş dabaralary, akylly gurluşyk, arassa energetika we durnukly senagat ösüşi boýunça interaktiw sessiýalar, şeýle hem täze tehnologiýalaryň sergisi geçiriler. Bu çäre Türkmenistanda gurluşyk we senagat işgärleriniň gününe gabat gelip, baýramçylyk joşgunyny goşalandyrar.