2023-nji ýylyň 31-nji maýynda 2 sany uly gabaraly karýer enjamlary Türkmenbaşy halkara deňiz portuna getirildi. Bu enjamlary Germaniýada öndürilip, Türkiýäniň portlaryndan deňziň üsti bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna getirilip düşürildi. Bu enjamlaryň her biriniň agramy 125 tonna barabar bolup, olar Lebap welaýatyndaky Lebap sement zawodynyň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin niýetlenendir.
Iri terminallaryň biri bolan Umumy ýükler terminalynda gämiler arkaly gelýän uly göwrümli we agyr agramly ýükleri düşürmek üçin iki sany, her biriniň ýük göterijiligi 330 tonna (750-tonna çenli artdyrmak mümkinçilikli) bolan “Liebherr” kysymly ýük kranlar ornaşdyrylan. Portuň şeýle kuwwatly ýük göteriji tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmagy, ýurdumyza getirilýän hem-de üstaşyr geçirilýän agyr agamly ýükleri kabul etmeklige uly mümkinçilikleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropany deňiz, ýol we demir ýol bilen birleşdirýän “deňiz derwezesi” bolup, ol öz gezeginde sebitdäki iň uly üstaşyr merkez hökmünde hyzmat edýär. Portda ýüklemek we düşürmek, şeýle hem harytlary saklamak üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçilik berýän iri ýükleme-düşürme terminallar bolup, olarda kuwwatly tehnikalar ornaşdyrylandyr.