Türkmenistanyň 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, bedew atlarynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, onuň ynsanyň iň ýakyn dosty hökmünde taryhda möhüm hyzmat edendigi, şeýle hem bedewleriň sungatda we edebiýatda wasp edilşi barada çykyşlar diňlenildi.
Çykyş edenler şu ýylda ýokary ruhubelentlik bilen belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy, bu taryhy senäni ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak baradaky wezipeler, şeýle hem bu ugurda döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada aýratyn nygtap geçdiler.
Maslahatyň başynda halkymyza asuda, parahat durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, onuň beýik ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hormat we buýsanç beýan edildi.