Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar sebitinde täze port bolmak bilen, ol ýüklere hyzmat etmekligiň, birnäçe artykmaçlyklaryny we hyzmatlaryny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we Türkmenistanyň ýük daşaýjylarynyň hem-de logistik kompaniýalarynyň halkara ýük daşamalara gatnaşmagynyň barha işjeňleşmegi, üstaşyr geçirilýän harytlaryň möçberleriniň günsaýyn artmagyny şertlendirýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna daşalýan käbir üstaşyr ýükleri gümrük ammarynda saklanýar.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýörite gümrük düzgüninde ýükleri saklamak üçin ygtyýarnama aldy. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär.
Gümrük ammary - Türkmenistanyň çägine getirilen harytlaryň gümrük paçlary, salgytlar tölenilmezden hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan gümrük gözegçiligi astynda saklanylýan, alyp gitmek üçin niýetlenendir.
Gümrük ammarynda ýerleşdirilen harytlar hemişe gümrük gözegçiliginde durýarlar. Gümrük ammarynda harytlaryň saklanyş möhleti öňünden ylalaşylan şertler bilen kesgitlenýär. Eksport-import amallaryny amala aşyrýan kompaniýalar deňiz portunyň ösen infrastrukturasy, amatly we giň ammarlary, ýükleýji we düşüriji tehnikanyň häzirkizaman görnüşleri, ýakyn aralyga çenli çekilen awto we demir ýollary we harytlary goňşy ýurtlara ýa-da Türkmenistana dessine ugratmaga bolan mümkinçiligi sebäpli, belli bir artykmaçlyga eýe bolýarlar. Deňiz porty 5 terminaly öz içine alýar we olaryň hersiniň öz çäginde aýratyn ammary bolup, ýurduň hereket edýän kanunçylygynda döwlet serhedinden geçmäge rugsat berlen islendik önüm öz çägine ýerleşdirilip hem-de saklanylyp bilner:
1. Ýolagçy-parom terminaly ulaglar bilen birlikde harytlaryň saklanmagy üçin niýetlenen açyk we ýapyk görnüşli ammarlary bar. Umumy meýdany 230 000 inedördül metr bolan ýolagçy-parom terminaly ýylda 300 000 ýolagça we 75 000 ulaga hyzmat etmäge ukyplydyr.
2. Konteýner terminaly ýylda 400 000 konteýner geçirmäge ukyplydyr. Terminal umumy meýdany 9 984 inedördül metr bolan ýapyk ammarlary, umumy meýdany 3 060 inedördül metre barabar açyk ammarlary öz içine alýar.
3. Ürgün ýük terminaly ýylda umumy kuwwaty 3 000 000 tonna çenli ýükleri geçirmäge ukyply bolup, demir magdany, sement, kömür, kükürt, galla, şeker, duz we beýleki köp sanly ürgün ýük ýaly ýükleri dolandyrmak we saklamak üçin niýetlenendir. Dänäni saklamakdan başga-da, umumy kuwwaty 35 000 kub metr bolan 14 sany silosy we umumy kuwwaty 6 000 kub metr bolan 8 sement silosy bar. Terminalda 37 000 inedördül metr açyk ammar we umumy meýdany 8 512 inedördül metr bolan ýapyk ammarlar bar.
4. Umumy ýük terminaly ýylda 4 000 000 tonna ýükleri geçirmäge mümkinçiligi bar. Terminal polat, demir, agaç materiallary, ulaglar, enjamlar we agyr ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir. Terminalda 75 000 inedördül metr meýdany bolan açyk ammar we meýdany 26 394 inedördül metr bolan ýapyk ammar bar.
5. Polipropilen terminaly ýylda 120 000 tonna çenli polipropilen geçirmäge ukyply. Terminalda 18 750 tonna çenli möçberde ýapyk ammary bar.
Şeýle hem, Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň halkara standartlaryna «ISO 9001:2015 — Hili dolandyrmagyň ulgamy», «ISO 14001:2015 — Ekologiýany dolandyrmagyň ulgamy» и «ISO 45001:2018 — Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygyny üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy» gabat gelýändigi tassyklanyp, Türkmenbaşy deňiz portunyň ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýändigini, müşderileriň isleglerini we talaplaryny göz öňünde tutýandygyny, şeýle hem öz işini yzygiderli gowulandyrmaga çalyşýandygyny görkezýär. ISO standartlarynyň girizilmegi, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatdaşlary bilen alyp barýan işlerine bolan ynamy ýokarlandyrmaga, prosesleriň optimizasiýasy we standartlaşdyrylmagy arkaly çykdajylary azaltmaga, daşky gurşawy goramagyň derejesini we deňiz portunyň halkara arenasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
Birnäçe artykmaçlyklar we ýöriteleşdirilen funksiýalar, açyk we ýapyk ammarlaryň, şeýle hem, häzirkizaman enjamlarynyň bolmagy Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň halkara ulag-logistika ulgamynda hemişe özara bähbitli we uzakmöhletli hyzmatdaşlyga taýyn hyzmatdaş hökmünde möhüm orun eýelemegini üpjün edýär.