Deňiz ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär

Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň ulgamyny döretmek Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň iň möhüm maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu ulag-üstaşyr geçelgeler durnukly ykdysady ösüşe itergi bermek bilen, ýolagçylaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň bökdençsiz hereket etmegine kömek eder we ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara arenasynda bäsdeşlik ukybyny güýçlendirer.

Deňiz ulagy pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara işjeňligini ösdürmek iň möhüm strategiki maksatlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we olarda ýük akymyny artdyrmak, daşary ýurtlarda ulag logistika merkezlerini döretmek, ýolagçy we ýük daşamak tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, işgärleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ-niň işjeň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty täze dünýä ugurlaryna yzygider goşulýar. 2025-nji ýylyň dowamynda Hytaý — Ýewropa ugry boýunça, Hytaýyň Szesýan şäherinden ugradylan synag konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Baku portuna üstünlikli ugradyldy.

 Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan multimodal geçelgesi boýunça ýükler Kaşgardan Türkmenbaşy portuna çenli getirilip, bu ýerden deňiz arkaly Azerbaýjana we Ýewropa ugradyldy.

          Deňiz ulag ulgamynda wajyp orunlaryň birini eýeleýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gämilerini abatlamak hyzmatlary doly ýola goýlup, bu ugurda işler dowam edilýär. Işe girizilen gününden bäri, zawodda dürli maksatly gämileriň birnäçesinde abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň, 1 sany  deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de ýakyn wagtda 2 sany Ro-Ro görnüşli parom gämilerini, 3 sany gury ýük gämilerini gurmaklyk meýilleşdirilýär.

         Deňiz portuny, milli deňiz söwda flotuny we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny ösdürmek boýunça taslamalaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi, ýurdumuzyň kuwwatly deňiz ulaglarynyň ähmiýetiniň halkara bazarlarynda has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.