Türkmenistan häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň strategik ulgamyny döretmek bilen, dünýäniň ykdysady kartasyndaky ornuny ynamly berkidýär. Ýurdumyzyň ulag strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan deňiz ulaglary pudagy, durnukly ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň we dostlukly gatnaşyklaryň hakyky merkezine öwrüldi. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, bu gün diňe bir sebit däl, eýsem global derejelerdäki strategik logistik merkez hökmünde özüni tassyklady.
Pudagyň bäsdeşlik ukybynyň artmagy sanlarda aýdyň şöhlelenýär: 2025-nji ýylyň netijelerine görä, portuň jemi ýük dolanyşygynda 15,2 göterimlik uly ösüş depgini gazanyldy. Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan multimodal geçelgesi we Hytaý — Ýewropa ugry boýunça ýük akymlarynyň işjeňleşmegi, ýurdumyzyň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň iň möhüm halkasydygyny subut etdi. Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň iri logistik kompaniýalary bilen gazanylan täze ylalaşyklar Hazarüsti geçelgesiniň halkara özüne çekijiligini has-da artdyrdy.
Milli deňiz söwda flotumyzyň döwrebaplaşdyrylmagy we gämi gurluşyk senagatynyň tehnologik kuwwatynyň yzygiderli artmagy, ýurdumyzyň deňiz ulaglary pudagynyň geljekki ösüş ýollaryny innowasion strategiýalar esasynda giň gerim bilen kesgitlemäge doly mümkinçilik döredýär. Bu ugurda ägirt uly taslamalaryň merkezi bolan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzyň inženerçilik buýsanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda zawodda milli flotumyzy has-da güýçlendirejek 2 sany gury ýük gämisiniň we 1 sany deňziň düýbüni çuňaldyjy döwrebap gäminiň gurluşygy uly bat bilen dowam edýär.
Geljekki meýilnamalar bolsa has-da giň gerimlidir: ýakyn wagtda 2 sany Ro-Ro görnüşli parom gämilerini we 3 sany gury ýük gämilerini gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardan gämi satyn almakdan öz gämilerini gurmaga doly geçendigini aňladyp, milli flotuň halkara deňiz söwdasyndaky paýyny düýpli ýokarlandyrar. Şeýle hem, Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk dünýäniň iň täze gämi gurluşyk nou-haularyny ýurdumyza getirip, ýerli hünärmenlerimiziň tejribesini artdyrmaga giň ýol açýar.
Halkara ekologiýa standartlaryna laýyk gelýän «Green Port» (Ýaşyl port) strategiýasynyň we sanly ulgamyň doly ornaşdyrylmagy port amallarynyň netijeliligini düýpli ýokarlandyrýar.
Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny, Milli deňiz söwda flotuny we «Balkan» zawodyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalar ýurdumyzyň kuwwatly deňiz ulaglarynyň ähmiýetini halkara bazarlarynda has-da belende göterer. Bu bolsa Türkmenistanyň Hazar sebitinde diňe bir ulag duralgasy bolman, eýsem ýokary tehnologiýalaryň we senagat gurluşygynyň utgaşýan iň iri strategik nokadyna öwrülýändiginiň aýdyň kepilidir.