Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Döwlet Gullugynyň Zenanlary Bahar Baýramyny Dabaralandyrýarlar

Gözelligiň we täzelenişiň nyşany bolan bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni uly dabaralara beslenip bellenilýär. Zenan mertebesiniň mukaddes saýylýan, enelere goýulýan hormatyň belent tutulýan ýurdunda bu baýram aýratyn mazmuna eýedir. Şu mynasybetli, 2026-njy ýylyň 4-nji martynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda, onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda we paýly gatnaşýan paýdarlar jemgyýetinde zähmet çekýän aýal-gyzlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň zenanlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we döwletimiziň alyp barýan wagyz-nesihat işleri barada durup geçdiler. Şeýle hem bagtyýar döwrümiziň bagtly zenanlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlap, olar üçin döredilýän şertlere, berilýän üns-alada ýokary baha berdiler.

Baýramçylyk çäresiniň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri hem, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we onuň düzümindäki edara-kärhanalaryň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan 60 (altmyş) manat möçberindäki pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy boldy. Sowgat gowşurylyş dabarasynda çykyş eden aýal-gyzlar ýurdumyzda zenan mertebesine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Olar döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edip, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.