Awazadaky «Jadyly kenar» seýilgähi ajaýyp şowhunly konsertleriň muşdaklaryny çagyrýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Deňiz» hojalyk jemgyýetiniň «Jadyly kenar» attraksionlary seýilgähinde tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylarynyň konsertleri geçirilýär. Konsertler  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda 2023-nji ýylyň 9-njy awgustdan 18-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Konsertlerde meşhur aýdym-saz toparlarynyň we ýurdumyzyň çeper bagşydyr aýdymçylarynyň aýdymlary, döwrebap öwüşgindäki sazlary ýaňlanar, şeýle hem “Geliň gülşeliň!” atly degişme sahnalary gurnalar.

Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezeýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Jadyly kenar» attraksionlary seýilgähi dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly wagtyňy geçirmäge goşant goşýar. Seýilgähde hödürleýän hyzmatlar:

·         restoran;

·         2 sany tomusky kafe;

·         çagalar üçin attraksionlar;

·         ulular üçin attraksionlar;

·         haýwanat dünýäsi;

·         çagalar üçin oýun meýdançalary.