2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Balkan welaýat hem-de Astrahan oblastynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga rus tarapyndan, Astrahan oblastynyň häkimi, sebitiň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň we Senagat, söwda we energetika ministrliginiň ýolbaşçylary, türkmen tarapyndan bolsa, Balkan welaýatynyň häkimi we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň başlygynyň orunbasary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda rus tarapy Türkmenistan Astrahan oblasty üçin esasy halkara hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Esasan hem, Astrahan oblastynyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag koridorynyň esasy gatnaşyjysy bolmak bilen Astrahan oblasty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýulmagy Hazar deňzinde ýük daşamagyň ösüşiniň aýratyn ähmiýete eýedigini Astrahan oblastynyň häkimi belläp geçdi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde gämi gurluşyk pudagy agzalyp geçildi. Rus tarapy Astrahandaky gämi gurluşyk zawodlarynda, gämileriniň korpuslaryny ýygnap bilinjekdigini, soňra bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirilip, “Balkan” zawodynda gurluşygy dowam etdirilip boljakdygy barada aýtdy.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda syýahatçylygyň ösdürilmeginiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da 2024-nji ýylda Hazar deňzinde syýahatçylyk etmegi meýilleşdirilýän «Петр Великий» gämisi Türkmenistana hem barjakdygy we rus syýahatçylary üçin wiza amallaryny ýeňilleşdirmek meseleleri agzaldy.
Duşuşygyň soňunda, Astrahan oblastynyň häkimi Balkan welaýat häkimini Astrahan-Türkmenbaşy dogan gatnaşykly şäherleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bu ugurda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerine bilelikde seretmek maksady bilen, türkmen tarapyny Astrahan oblastyna iş saparyna çagyrdy. Balkan welaýat häkimi öz gezeginde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gelejekdäki ulag-logistika mümkinçiliklerini jikme-jik gürrüň berip, Astrahan oblasty bilen bu babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge tagallalaryň ediljekdigini belläp geçdi.