Gyzylsuw şäherçesine syýahat

Deňiz söwda floty “Çarlak” we “Rowaç” ýolagçy gämilerinde Türkmenbaşy-Gyzylsuw ugry boýunça yzygiderli gämi gatnawlary amala aşyrýar. “Çarlak” ýolagçy gämisi günde sagat 11:00-da Türkmenbaşy-Gyzylsuw ugry boýunça ugraýar, 13:30-da bolsa yzyna gelýär. “Rowaç” ýolagçy gämisi günde sagat 12:00-da ugraýar, sagat 14:30-da bolsa yzyna gelýär. Tomus günlerinde “Çarlak” gämisi üçin bir tarapa petegiň bahasy 20 manat. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrdan başlap, petegiň bahasy 15 manada düşer. “Rowaç” gämisi üçin tomus günlerinde bir tarapa petegiň bahasy 25 manat, ýokary hilli ýer (VIP) üçin bir tarapa 38 manat bolup, 1-nji sentýabrdan petegiň bahasy 20 manada, ýokary hilli ýer (VIP) üçin 30 manada düşer.

“Çarlak” gämisinde ýolagçylara syýahaty açyk howada ýa-da gäminiň  içinde amatly şertlerde lezzet almaklary üçin, gämide açyk we ýapyk bölümiň arasynda saýlamaklyk mümkinçiligi berilýär. Petekleri Türkmenbaşy şäheriniň Deňiz Menzilinden, şeýle hem “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň www.mmf.com.tm resmi internet sahypasyndan onlaýn görnüşinde satyn alyp bilersiňiz.

Gyzylsuw – bu baý taryhy we rowaýatlary bolan medeni mirasyň aýrylmaz bölegine öwrülen ýerdir. Bu ýeriň taryhy, gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda bu şäherçe köp medeni, syýasy we ykdysady üýtgeşmelere şaýat bolup, iň gyzykly aýratynlyklarynyň biri hem, onuň rowaýatlary bilen baglanyşygydyr. Meşhur rowaýatlaryň biri "Gyzylsuw" adynyň gelip çykyşy bilen baglanyşygydyr. Rowaýata görä, gadymy döwürde deňiz suwy ýerli ösümlikleriň jadyly aýratynlyklary sebäpli gyzyl reňke öwüsipdir.

Wagtyň geçmegi bilen Gyzylsuw syýahatçylary we alymlary özüne çekip başlady. Geçmişde syýahatçylar bu şäherçäniň haýwanlary we adamlary üçin möhüm  bolan süýji suwy guýulardan alýardylar we ýaşaýjylar şu güne çenli şol guýulardan süýji suwy almagy dowam edýärler.

Deňizde gezelenç etmeklik, Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna we medeniýetine bolan garaýyşlary giňeltmane ýardam berýär. Bu tejribe, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy duýmaga, gündelik aladalary ýatdan çykarmaga mümkinçilik berýär.