2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylary bilen Koreýa Respublikasynyň «KOMEA» deňiz enjamlary Assosiasiýasynyň hem-de «Koryo Shipbuilding Industry Technology. Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň milli söwda flotuny ösdürmäge gönükdirilen gämi gurluşyk pudagynyň taslamalaryny meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli söwda flotumyzda gury ýük we parom gämilerine ýokary islegi göz öňüne tutup, bu görnüşli gämileri gurmak meselesine aýratyn üns berildi.
«KOMEA» - bu 286 sany koreý deňiz enjamlaryny öndüriji kompaniýalaryny özünde jemleýän assosiasiýa bolup durýar.
Taraplar «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmak bilen bagly taslamanyň aýratynlyklaryny we öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, «Koryo Shipbuilding Industry Technology. Co., Ltd.» kompaniýanyň wekilleri, ýylda 4-6 sany ýokary hilli gämileri gurmaga mümkinçiligi bolan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň giň mümkinçilikleri we döwrebap enjamlary bilen tanyşdyryldy.
«KOMEA» assosiasiýasynyň we «KSIT» kompaniýasynyň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň hünärmenleriň ussatlygyny we ulanylýan häzirki zaman kuwwatly tehnologiýalaryny belläp, hyzmatdaşlygyň uly geljegine ynam bildirdiler.
Bu duşuşyk, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň gämi gurluşyk we deňiz senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin möhüm ädim bolup durýar.
2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen Kararynyň çäginde kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin netijeli çäreleriň görülýändigini bellemek möhümdir.