Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Milli Söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işler alnyp barylýar.
Gämi gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasy we «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda gämi gurluşyk ugry boýunça işjeň gepleşikler geçirilip başlandy.
«KOMEA» - bu 286 sany koreý deňiz enjamlaryny öndüriji kompaniýalaryny özünde jemleýän assosiasiýa bolup durýar. Şolaryň biri hem «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasydyr. Gämi gurluşyk pudagynda «KSIT» kompaniýasynyň ýokary hünärli inženerleri we «Balkan» zawody tarapyndan ýerli hünärmenler bilen bilelikde gämi gurluşyk işleri geçiriler.
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň edara-binasynda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada şertnama gol çekildi. Gol çekilen şertnamanyň çäginde Koreý inženerleri «Balkan» zawodynyň hünärmenlerini Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýasy boýunça taýýarlar. Şeýle hem zawodda hil dolandyryş ulgamy ornaşdyrylar, taslama bilen bagly bolan ähli işler tamamlanýança, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak üçin gämi gurluşygynda ýokary derejede kabul edilen standartlar bilen amala aşyrylar.
Bu möhüm ädim, Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasynynyň ösmeginde we ýurduň söwda we ulag pudagynyň ösmeginde esasy orny tutýar.