Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew 13-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji ýygnagynda türkmen tarapyna wekilçilik etdi.

Täjigistan Respublikasynyň ulag ministri Azim Ibrohimiň ýolbaşçylygyndaky duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň ulag ministri Marat Karabaýew we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministri Ilham Mahkamow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň ulag ministrleri Merkezi Aziýada ulag pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek baradaky tekliplerini aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri  ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki beýannama gol çekildi.

Şeýle hem, ulag ministrleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň dowamynda döwlet baştutanlary tarapyndan gol çekiljek “Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny berkitmek barada” Ylalaşygyň taslamasyny hem tassykladylar.

Kabul ediljek ylalaşygyň düzümine şular girýär: 

-         guryýer ulag serişdeleri arkaly halkara daşamalary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek;

-         merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek;

-         täze halkara ulag, şol sanda multimodal geçelgelerini emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;

-         guryýer arkaly halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek;

-         döwrebap ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek;

-         innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we işe girizmek; şol sanda ýük daşalyş işini sanlylaşdyrmak;

-         ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ulanylyşyny ösürmek we giňeltmek.