Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Duşanbe şäherine baran türkmen halkynyň Mlli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy.
Gowşurylyş dabarasy Kasri Millat köşgünde bolup geçdi, Hormat nyşany Halk Maslahatynyň Başlygyna Emomali Rahmon tarapyndan gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, berlen bu Hormat nyşanyny Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli, doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, biziň ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatyny goldamakdaky we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde goşandyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Duşanbe şäherinde geçirilen gepleşiklerden soň, kabul edilen Kararlaryň doganlyk ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem agzybirligimizi goramakda möhüm ädim boljakdygyna berk ynam bildirdi.