2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda «Turkmendeňizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendeňizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär.
Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuny kämilleşdirmek we mümkinçiligini ösdürmek üçin Tehniki muzdsuz kömegini bermek hakynda YÖB bilen Ylalaşyga gol çekildi.
Duşuşygyň barşynda YÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamyny ösdürmek babatyndaky taslamasy bilen baglanyşykly meseleler we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bankyň maliýeleşdiriş taslamasynyň esasy maksatlarynyň ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek we höweslendirmek, milli deňiz söwda flotuny kämilleşdirmek, deňiz ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, ýokary hünär derejeli hünärmenleri we bilermenleri taýýarlamak bolup durýandygy duşuşygyň barşynda aýratyn bellenilip geçildi.
Şeýle hem, duşuşygyň çäginde Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ösüşi mowzugy esasynda prezentasiýasy görkezilip, onda deňiz portunyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak möhüm taraplary we wezipeleri beýan edildi.
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky hyzmatdaşlygy başlandygyny we onuň esasy ugurlaryň biriniň Türkmenbaşy portunda marketingi ösdürmek bolup durýandygyny bellemek gerek.
Bu ugurda netijeli işlemekligi gazanmak maksady bilen, «Turkmendeňizderyayollary» agentligiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekillerinden ybarat bolan ýörite iş topary döredildi. Şeýle usul Singapur portunda hem ulanylýar. Bu taslamanyň çäklerinde, toparyň agzalary üçin Türkmenistana wekilleri çagyrmak we wideo aragatnaşygy arkaly okuw sapaklaryny bermek, şeýle hem toparyň agzalarynyň Singapura saparlaryny öz içine alýar. Bu döredilen mümkinçilikleriň esasynda iki ýurduň arasynda bilim alyşmaga we hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna goşant goşup, taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin kesgitleýji ýagdaý bolup durýar.