2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň Kärdeşler arkalaşygy we Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet öýi bilen bilelikde Çarlak myhmanhanasynyň mejlisler otagynda “Garaşsyzlyk buýsanjymyz, bagtymyz, Arkadagly Serdar bilen öňe barýar halkymyz” atly baýramçylyk konsertini gurnady.
Bu çärä “Turkmendeňizderýaýollary” agentliginiň işgärleri we onuň garamagyndaky edara-kärhanalar gatnaşdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary tomaşaçylary begendirdi we çärä gatnaşanlaryň hemmesinde ýakymly täsir galdyrdy.
Çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Watanymyzda her güni uly üstünliklere we şöhratly wakalara beslenýär.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy döwründe Türkmenistanda deňiz ulag ulgamynyň çalt depginde ösendigini aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi.
Türkmenistanyň deňiz we derýa ulag ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek we häzirkizaman deňiz söwda flotuny döretmek maksady bilen, şeýle hem halkara deňiz ulag ulgamynyň ähmiýetiniň artmagy bilen, Türkmenbaşy halkara deňiz portyny ösdürmek we bäsleşige ukyply Türkmen deňiz söwda flotuny döretmek ýaly milli taslamalaryň doly göwrümli durmuşa geçirilip başlandy.
Çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna görä, Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamyny has-da ösdürmek maksady bilen täze uly göwrümli Türkmenbaşy halkara deňiz porty guruldy.
Deňiz söwda flotuny ösdürmek, eksport-import ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak we şeýle hem deňiz ulaglary tarapyndan edilýän hyzmatlara bolan islegi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen gämileriň käbir görnüşleri guruldy we satyn alyndy.