Arazmämmet Babaýew “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy

Şanly Garşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekýän raýatlarymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmaklary olаryň buýsanjyny artdyrdy.   

Şeýle bagtyň eýesi bolan kärdeşlerimiziň biri hem «Türkmendeňizderýaýollary»  agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynyň nobatçy mehanik- elektromehanigi Arazmämmet Babaýewdir.

Birnäçe ýyllaryň dowamynda  çeken asylly zähmeti üçin Arazmämmet Babaýewiň  Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylanmagy onuň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Ömrüniň 40 ýyllyny asylly käre bagş eden, özüniň halal kesbinden kemal tapan kärdeşimizi bu üstünligi bilen gutlaýarys. Goý, her bir raýatlaryň çeken ujypsyzja zähmetine ýokary baha berip halkymyzy ýaşamaga, zähmet çekmäge ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe  aman  bolsun!