Rostow-na-Donu portunyň golaýynda däne önümlerini daşaýan ýük awtoulaglary üçin duralgalary dörediler

Rostow oblastynyň ýolbaşçylary tarapyndan Azow  deňiz portuna barýan ýollarda howpsuzlygy  we tertibi üpjün etmek üçin çäreler görülýär. Olar esasanam, däne önümlerini daşaýan awtoulaglary üçin aýratyn duralgalaryny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu döredilen şertleriň netijesinde, ýollaryň gyralaryndaky düzgünsizlikleriň we sebitleriň hem-de şäherleriň ýollaryna ýetirilýän zyýanlaryň azalmagyna garaşylýar.

Rostow oblastynyň gubernatorynyň hem-de ulag ministriniň gatnaşmagynda gurnalan giňişleýin maslahatyň dowamynda, awtoulag duralgalary üçin ýerleriniň bölünip berilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek barada netijä gelindi. Bu görülýän çäreleriň maksady, uly gabaraly ulaglary portuň golaýyna eltmek bolup, ýeňil awtoulaglaryň ýolundan hereketlerini azaltmakdan ybaratdyr.

Mundan başga-da, ýolbaşçylar diňe bir port terminallary bilen däl-de, eýsem ýük ugradyjylar bilen hem hyzmatdaşlyk etjek bitewi dispetçer gullugyny döretmegi göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa öz gezeginde, ýük awtoulaglaryň wagtynda iberilmegine, şeýle hem ýüze çykyp biljek bökdençlikleri azaldar.

Rostow oblastynyň gubernatory Azow-Gara deňiz portlarynyň 2030-njy ýyla çenli ýük gatnawynyň artmagyna ynam bildirip, port desgalarynyň kämilleşmegini dowam etdirýändiklerini, şol sanda konteýner terminallarynyň täzeden gurluşyk işleriniň geçirýändiklerini belläp geçdi. Şeýle hem, “Azow” geçelgesiniň deňiz gözegçilik nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, portuň kuwwatynyň we ýük dolanşygynyň artmagyna getirjekligi barada habar berilýär. Netijede, has howpsyz we netijeli ýol hereketleriniň üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.