«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri Astana şäherindäki ulag forumynda aýratyn ünsi çekdi

Ilkinji gämileriniň gurluşygyna başlan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri «New Silk Way» VI halkara ulag we logistika işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi barada diýip, “Orient” internet habarlar çeşmesi habar berýär. Bu işewürlik forumy Gazagystanyň paýtagt şäheri Astanada geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, öz çykyşynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gämi gurluşyk taslamalaryny barada belläp, foruma gatnaşýan wekillleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Batyr Annaýew ýurdumyzyň öndürjek birinji gämisini bir ýarym ýylda guruljakdygyny we soňra her iki aýda indiki gämileriň gurulmagy meýilleşdirilýändigi barada aýdyp geçdi. Gämileriň 6100 tonna deň bolan göterijilik ukyby bolup,  Hazar deňziniň häzirki wagtdaky suw derejesiniň göz öňünde tutulyp guruljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekili türkmen gämi gurluşykçylarynyň täze gämileri gurmak baradaky sargytlarynyň kabul etmäge taýýardyklaryny habar berdi. Bu teklip öz gezeginde gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Bu babatynda forumyň çäginde «Казмортрансфлот» kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gazagystanyň milli deňiz daşaýjysy «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämilerini abatlamaga gyzyklanma bildirdi. Bu babatynda, türkmen tarapy bilen degişli gepleşikleriniň geçirilmegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi