Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Buharest şäherinde türkmen-rumyn iş toparynyň energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýedinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow ýolbaşçylyk etdi. Rumyn wekiliýetine Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Jenap Pawel-Kasian Nitulesku ýolbaşçylyk etdi.

         Mejlise rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň bilermenleri we energetika ugurly iş alyp barýan rumyn kompaniýalarynyň, şeýle hem Rumyniýanyň Ploeşti nebitgaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korparasiýasynyň, “Türkmennebit” DK-nyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

         Rumyniýanyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda Aşgabatda gol çekilen deklarasiýa laýyklykda, türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyna esasy orun berilýär. Özara hyzmatdaşlyk, esasan, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek we olaryň transport ýollary, nebit we gaz öndürmek we daşamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegine esaslanýar.

         Gepleşigiň dowamynda türkmen tarapy ýükleri daşamak üçin “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň gämilerini çekmek meselesine garamagy teklip etdi.

         Taraplar 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi