Sanly ulgam boýunça amaly okuw maslahaty

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, işgärleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgiýetiniň mejlisler zalynda “Sanly ulgamlar we elektron resminama dolanşygy ulgamy” atly amaly okuw maslahaty geçirildi.

Agentligiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy M.Amandurdyýewa “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” 1-nji tapgyry boýunça alnyp barylýan işler (web-saýtlar, wideo-gözegçilik ulgamy, serwerler,awtomatlaşdyrylan bellige alyş ulgamy, tor we internet ulgamy,) hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň döwlet maglumat  ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakyndaky” Düzgünnamasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişi barada çykyş etdi. Şeýle hem elektron resminama dolanşygy ulgamy ulanylanda ulanjylar tarapyndan berjaý edilmeli düzgünler bilen tanyşdyryldy. Maslahata gatnaşyjylar elektron resminama dolanşygy boýunça sorag-jogap, pikir alyşdylar. Bu amaly okuw maslahat elektron resminama dolanşygyny alyp barmakda işgärleriň iş tejribelerini has-da baýlaşdyrmaga ýardam berdi.

Maslahata  gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, her bir tutýan tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi