“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 134-nji kanton halkara sergisine gatnaşdylar

2023-nji ýylyň 15-20-nji oktýabr aralygynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Kanton sergisine gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasyna, Guanžou şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

Kanton sergisi - bu dünýäniň dürli künjeginden işewür we senagat wekillerini ýygnaýan halkara sergisidir. Hytaýa ekport we import edilýän ähli harytlary üçin, bu uly göwrümli we gerimli geçirilýän Kanton halkara sergisi ýylyň dowamynda iki gezek geçirilýär.

Saparyň dowamynda Agentligiň wekilleri ýerli teklipleri öwrenmek, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady we ulag ulgamyny pugtalandyrmak maksady bilen Hytaý kompaniýalary bilen köp duşuşyklar we gepleşikler geçirdiler.

Ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynynyň  mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, sergä gatnaşan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe öndüriji kompaniýalary bilen, ýagny, Klassifikasion jemgyýetleri tarapyndan laýyklyk serifikaty bolan kebşirleýji elektrod we sim öndürýän «TIANJIN MINMETALS CO.,LTD» kompaniýasy, «TIANJIN GOLDEN BRIDGE WELDING MATERIALS GROUP CO.,LTD.» kompaniýasy hem-de «BMM SCIENCE & TECHNOLOGY» korporasiýasy, Hazar deňziniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýaşyl syýasatyny üpjün etmek maksady bilen, gämileriň hereketlendirijilerinden howa zyňylýan hapalaýjy maddalary (CO 2 ) azaltmak (dikarbonizasiýa) üçin niýetlenip gurnalýan katalitik konwerterleri öndürýän «THREE WAY GROUP EXHAUST» kompaniýasy bilen, deňiz konteýnerlerini öndürmekde peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin, üçek örtgüsini (шифер) ýasaýan enjamlary öndürýän «CANGZHOU XINDINGLI COLD BENDING MACHINERY CO.,LTD» kompaniýasy hem-de şol üçek örtgüsiniň materiallaryny öndürýän «ZHENGZHOU CITY UNITES STEEL INDUSTRIAL CO., LTD» we «SHANDONG ZHONGSHENG MATERIALS CO.,LTD» kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi.

Bu sapar, türkmen wekiliýeti üçin Hytaý bazaryny, aýratynlyklaryny we tehnologiki täzeliklerini öwrenmäge mümkinçilik boldy.

Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürilmegi dowam etdirilýär we logistika pudagy hem bu ugurda möhüm orny eýeleýär. Hytaý önümçilikde dünýäde öňdebaryjy bolmak bilen önümlerini eksport etmek üçin netijeli ulag ugurlary yzygiderli gözleýär.

Logistika we ulag pudagynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir iki ýurduň ösüşine goşant goşman, eýsem sebitleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem kömek eder. Bu hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly harytlaryň üstaşyr geçmeginiň artmagyna garaşylýar. Bu bolsa öz gezeginde uzak möhletleýin ykdysady ösüşe we gülläp ösmäge goşant goşar.

Habarlar
30 Noý 2023
«Astrakhan Porty» täze gämi gatnaw kompaniýany döretdi
29 Noý 2023
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Deňizçi» futzal topary dördünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
26 Noý 2023
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen däne önümlerini multimodal görnüşde daşamak üçin nyrhlary hödürleýär.
25 Noý 2023
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen nyrhnamalary hödürleýär
23 Noý 2023
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň başlygy Londonda geçirilen maýa goýum forumynda çykyş etdi
21 Noý 2023
“Turkmendenizderyayollary” administrasiýasynyň hünärmenleri Aktau teswirnamasynyň çäginde “Hazar deňzi ALPHA / BRAVO” atly bäşinji türgenleşige gatnaşdylar
02 Noý 2023
Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi geçirildi
01 Noý 2023
Translogistika Uzbekistan 2023
26 Okt 2023
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi okuw seminaryny geçirdi