Logistika – häzirki wagtda möhüm ugurlaryň biri bolup, kärhanalara ýa-da kompaniýalara harytlaryň üpjünçiligini we dolanşygyny, ammarlarda ýükleri düzmegi we eltip bermegi netijeli dolandyrmaga kömek edýär. Bu pudakda üstünlik gazanmak üçin logistika boýunça bilimleri we başarnyklary yzygiderli täzelemek wajyp bolup durýar. Bu maksat bilen, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Agentligiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň Logistika we marketing bölümleriniň işgärleri üçin okuw seminaryny geçirdi.
Seminaryň dowamynda logistikanyň zynjyryny düzmekde häzirki zaman usullary düzmek we logistika pudagyndaky amaly sapaklar barada prezentasiýa çykyşlaryny hödürlediler. Maslahat logistikada amallary işjeňleşdirmek, ammar dolandyryşy we pudaklaýyn soňky üýtgeşmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän bazar gözlegleri we mowzuklary özünde jemledi.
Sarp edijiniň islegleriniň durnuksyz görnüşde çalt üýtgemegi, tehnologiki innowasiýa we global bäsdeşlik guramalar üçin logistika bilimleri möhüm bolup durýar. Bu görnüşdäki okuw sapaklary logistika babatda hünär we şahsy bilim ösüşi üçin gymmatly mümkinçilikleri hödürleýär. Hünärmenlere başarnyklaryny berkitmäge, iň soňky tendensiýalardan habarly bolmaga we kärdeşleri bilen özara tejribe paýlaşmaga kömek edýär.