“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde “Ulag we logistika” atly 1-nji mejlisi gibrid formatda geçirilip, duşuşygyň mowzugy “Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ulag-logistika insfrastrukturasynyň arabaglanyşygy: çagyryşlar we mümkinçilikler” temasyna bagyşlandy.
Çykyş edenler halkara söwdany ösdürmekde ulag we logistikanyň esasy hereketlendiriji bolup durýandygyny, şonuň üçin ulag infrastrukturasynyň we logistika ulgamlarynyň ösüşine uly üns bermelidigini bellediler.
Sessiýanyň dowamynda ýurdumyzyň ulag- logistika mümkinçilikleri hem-de Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda esasy üstaşyr merkez hökmünde tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň häzirki zaman gara ýol, demir ýol, howa, deňiz we aragatnaşyk ugurlaryny öz içine alýan ösen ulag infrastrukturasynyň bardygy bellenip geçildi.
Koreýa Respublikasynyň wekilleri ulag we logistika kompaniýalarynyň tejribesi barada çykyş etdiler, sessiýa gatnaşyjylara bu ugurdaky tekliplerini hödürlediler.
Sessiýa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň ulag -logistika pudagynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we ýurtlary bütin dünýä ulag torlaryna birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy babatynda ylalaşdylar. Bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, öňdebaryjy tejribäniň we tehnologiýalaryň alyş-çalşygy milli ulag ulgamlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, sebitleýin we halkara ulag - logistika zynjyrlarynyň netijeli arabaglanyşygyna kömek eder.