Baýramçylyk çäresi

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda 26-njy noýabr “Butindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmeniň döwletli ýoly birleşdirýär dost-dogany” atly konferensiýasy geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Mugallymlar, talyplar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiiziň Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda ulag ulgamynda alyp barýan syýasaty, ulag ulgamyndaky gazanylan üstünikleri, ösüşleri, ýetilen sepgitleri, barada çykyş etdiler.

Konferensiýanyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimizi, ulag ulgamynyň işgärlerini ýetip gelýän 26-njy noýabr “Butindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli gutlap, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde alyp barýan bimöçber aladasy üçin ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan her bir işleriniň uly üstüniklere beslenmegini arzuw etdiler.