Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner dşamagyň mukdary ýylyň başyndan iki esse artdy. Russiýanyň demirýol telegram kanalynyň habaryna görä, Russiýa demir ýollarynyň başlygynyň orunbasary Alekseý Şilo Astrakanda geçirilen «PRO//Движение.Каспий» maslahatynda bu barada aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýakynda futuristik taslama hökmünde kabul edilen Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi indi amaly görnüşe eýe boldy.
"Şu ýyl Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ähli şahalary boýunça konteýner daşamagyň mukdaryny iki esse artdyrdyk we gaty gowy ösüşi we iň esasysy, bu gatnawyň ösmegine ähli ýük daşaýjy gatnaşyjylarynyň gyzyklanmasyny görýäris" –diýip Alekseý Şilo belläp geçdi.
Halkara ulag geçelgäniň ähli şahalary boýunça, ýagny, Günbatar şahamçasy boýunça – 7%; TransHazar boýunça – 10%; Gündogar şahamçasy boýunça bolsa – 26% ýükleri daşamagy ösüş gazanandyklary bellenildi.
“Demirgazyk - Günorta” halkara ulag geçelgesiniň uzynlygy 7.2 müň km bolup, ol Sankt-Peterburgy Eýran we Hindistan portlary bilen birleşdirjek multimodal ugry bolup hyzmat eder. Bu geçelge Sues kanalynyň üsti bilen Ýewropany, Pars aýlagyny we Hindi ummanyny birleşdirýän deňiz ýolunyň başga ugrydyr. Halkara ulag geçelgäniň günbatar we gündogar şahalary Eýranyň üstünden geçýär: günbatar şahamçasy Eýrandan Raştiň üsti bilen awtoulag arkaly ýük daşamagy, gündogar şahasy demir ýol arkaly daşamagy üpjün edýär. Eýranda soňky nokat hökmünde Bandar Abbas porty bolup, ol ýerden ýükleri Hindistana deňiz arkaly ugradylyp bolar. Şeýle hem, günbatar şahasy Azerbaýjanyň, gündogar şahasy Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýär. Mundan başga-da, Russiýadan Hazar deňziniň üsti bilen Eýrana göni deňiz gatnawy mümkindir.