Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Çarlak” myhmanhanasynda döwrebap kinoteatr gurnamak

Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Çarlak” myhmanhanasynyň 1-nji gatyndaky 90 adama niýetlenen mejlisler otagynda döwrebap kinoteatry gurnamak boýunça maýa goýum babatynda teklipler kabul edilýär.

Tekliplerde şu aşakdalary göz öňünde tutulmaly:

-         kinozalyň diwarlaryny ses geçirmeýän örtük bilen aýlamak,

-         döwrebap “Dolby atmos” akustikany gurnamak,

-         ýokary çözüjilikli proýektor we giň formatly ekran gurnamak,

-         maglumatlary saklamak üçin niýetlenilen uly göwrümli kompýuter serwerini gurnamak,

-         onlaýn bron programma üpjünçiligi we saýt döretmek.

Mümkin bolan maýadarlar üçin mejlisler otagyny uzak möhletleýin kärendesine almak ýa-da ynamdar dolandyryşa geçirmek göz öňüne tutulýar.

Habarlaşmak üçin           

Sal­gy­sy:­ Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Bahry-Hazar köçesiniň 8-nji jaýy.

Ha­bar­laş­mak ­üçin ­te­le­fon ­bel­gi­si : +993 243 6 06 00

E-mail: charlakotel@sanly.tm