2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmen Logistika Assosiasiýasy Latwiýanyň ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy (LAFF) bilen hyzmatdaşlykda halkara söwdasynyň ösmegine goldaw bermek üçin, “Baltika ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri: hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary artdyrmagyň kartasy” mowzugyna iki tarapyň birleşmeleriniň islegi boýunça onlaýn maslahat geçirildi.
Latwiýa tarapyndan “ACE Logistic Latvia”, “BV GRUPA”, “Vervo” we “MELON” ýaly kompaniýalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapdan bolsa, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agza kompaniýalary: “Amatly ýollar” HJ, “Dawut Ýollary” HK, “Eminli Maslahat” HK, “Merjen ýol” HJ, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” HJ we “Ýükli kerwen” (Kervan Logistics).
Salamlaşykdan soň ilkinji bolup “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri çykyş etdiler we öz çykyşlarynda Hazar kenaryndaky häzirki zaman deňiz portunyň mümkinçilikleri barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Latwiýa kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr nokady hökmünde potensialynyň giňligine üns çekdiler we türkmen daşaýjylary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýewropadan harytlary ygtybarly daşamak üçin anyk meseleleri teklip etdi.
Duşuşygyň soňunda gatnaşyjylar geçirilen maslahata ýokary baha berip, taraplar geljekde şeýle çäreleri gurnamagy we FIATA halkara guramasy bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.