2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.
Bu täzeçillik awtoulagly daşamalary amala aşyrýanlar üçin giriş we çykyş amallaryny aňsatlaşdyrmaga, halkara ýük daşamalary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Resminamalary seljermek, rugsatnama bermek bölümleri Ahal welaýatynda hem-de Aşgabat şäherinde hereket eder. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bu hyzmaty ýol gözegçilik bölümleri amala aşyrar. Serhetlerdäki barlag-geçiriş nokatlarynda ýol gözegçilik gulluklary Özbegistana, Gazagystana we Azerbaýjana gitmek üçin rugsatnamalary resmileşdirer.
Şeýle hem agentlik Türkmenbaşy halkara deňiz portundandaky geçiriş nokadyndan Artyk, Howdan, Sarahs, Garabogaz, Altyn Asyr, Daşoguz, Könürgenç, Gazojak, Farap, Ymamnazar we Serhetabat nokatlaryna çenli Azerbaýjanyň rugsatnamalaryny bermek we resmileşdirmek işleriniň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň degişli bölümleri tarapyndan amala aşyrylýandygyny habar berýär.