30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.
Ikinji türkmen-rus işewürlik forumy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär. Şeýle bilelikdäki forumyň ilkinjisi geçen ýylyň başynda türkmen paýtagtynda geçirilipdi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada gelipdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň iň möhüm bölegidir. Soňky döwürde energetika, ulag we senagat hyzmatdaşlygy ýaly pudaklarda gatnaşyklar has-da işjeňleşdi.
Däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn orun berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen berk özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Geljegi uly türkmen bazaryna Russiýanyň Çelýabinsk, Orlowsk, Swerdlowsk ýaly oblastlar hem uly gyzyklanma bildirýärler.