Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Işçi toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.Mejlisde:

 «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan «Elektron hökümet» ulgamyny we pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça bilelikde alnyp barylýan işler barada;

Türkmenistanyň bir bitewi e.gov.tm döwlet hyzmatlary portalyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada;

Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk sanawyny (reýestrini) işläp taýýarlamak we döretmek barada aýdylyp geçildi.

Şeýle hem, Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary tarapyndan Netijenama almak üçin ýüzlenen ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.