Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň Merkezi Aziýa sapary Aşgabatda tamamlanar

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinasyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary 17-nji ýanwarda Aşgabatda tamamlanar. Bu barada Ýewropa Komissiýanyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Shinas eýýäm 15-16-njy ýanwarda Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Täjigistana baryp, ýurduň ýolbaşçylary we ministrleri bilen duşuşdy. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Aýratyn-da, Halkara Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu aýyň ahyrynda Brýussel şäherinde sebitleriň arasynda ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen maýadarlarlaryň iri forumy geçiriler. Margaritis Shinasyň belleýşi ýaly, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan bu sapary sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.