Hindistan bilen Eýran Yslam Respublikasy, Oman aýlagynda ýerleşýän Çabahar port taslamasy boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň şertleri barada jikme-jik pikir alyşdylar, bu taslama hindi tarapynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär. Hindistan üçin Çabahar porty strategik ähmiýete eýe bolmagy, Hindistana Pakistandan aýlanyp, Owganystana girmegi üpjün edýär.
Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Subramýam Jaýşankaryň Eýran Yslam respublikasynyň ýol we şäher osüşi ministri Mehrdad Bazrpaş bilen Tährana eden saparynyň netijesinde geçirilen duşuşykda agzalyp geçilendigini TASS habar gullygy habar berdi.
"Çabahar porty babatynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny döretmek barada jikme-jik we netijeli pikir alyşyldy" – diýip, Jaýşankar özüniň internet sahypasynda paýlaşdy.
Onuň aýtmagyna görä, duşuşykda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi barada hem pikir alyşyldy.
Çabahar porty Eýranyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Nýu-Deli üçin bu strategiki ähmiýete eýe bolmagynyň sebäbi Hindistana Pakistandan aýlanyp, Owganystana girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu portuň üsti bilen Hindistan Merkezi Aziýa, Russiýa we Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.