Türkmenistanyň Hökümetiniň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren mejlisinde Halkara Deňiz Guramasynyň (HDG) 1965-nji ýylda kabul edilen halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasyna (FAL Konwensiýa) Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meselä seredildi we oňyn baha berildi.
Malim bolşy ýaly, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämileri we ýükleri resmileşdirmek işlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de olary kadalaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda HDG-nyň agzalygyna kabul edilip, häzirki wagtda bu guramanyň birnäçe resminamalaryna goşuldy. HDG – bu Birleşen Milletler Guramasynyň deňiz gatnawlaryny kadalaşdyrmak we düzgünleşdirmek boýunça ýöriteleşen halkara guramasy bolup, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny berjaý etmek, daşky gurşawy goramak we deňiz ulagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gämi gatnawyny bütinleýin ulgam hökmünde kadalaşdyrmak we goldamak bilen meşgullanýan halkara guramadyr.
Häzirki wagtda dünýäniň 129 sany döwleti FAL Konwensiýasynyň agzasydyr. FAL Konwensiýasy deňiz ulagy arkaly ýükleri we harytlary daşalmagyny hem-de global üpjünçilik zynjyrlarynyň hereketine päsgelçilik döredýän käbir resmi çäreleriň täsirlerini azaltmak we olaryň çaltlaşdyrylmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe talaplary öz içine alýar. FAL Konwensiýasynyň düzgünleriniň talaplary ony kabul eden ýurtlara gämileriň portlara girmegi we çykmagy bilen bagly zerur bolan maglumatlaryň elektron görnüşde alynmagyny üpjün etmek maksady bilen “bir penjire” ulgamynyň döredilmegini, girizilmegini we ulanylmagyny talap edýär.
Şunda gämileri barlaýan döwlet edaralary maglumatlaryň we resminamalaryň bir gezek berilmeginiň hem-de olaryň mümkin bolan derejede gaýtadan ulanylmagyny gazanmak maksady bilen elektron maglumatlaryň geçirilmegini utgaşdyrmalydyrlar. Konwensiýanyň “bir penjire” ulgamyny girizmek talaby 2024-nji ýyldan dünýäniň ähli portlarynda hökmany talap bolup durýar. Konwensiýa ýük daşaýjylar tarapyndan öňünden berilýän resminamalaryň sanyny çäklendirýär we döwlet gözegçilik edaralarynyň gämilerden talap edýän resminamalaryň sanyny belleýär: Umumy deklerasiýa, ýüküň deklerasiýasy, gäminiň ätiýaçlyk zatlarynyň deklerasiýasy, ekipažyň şahsy goşlarynyň deklerasiýasy, gämi roly, ýolagçylaryň sany we howply ýükleriň manifesti.
FAL Konwensiýasynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanmagy, aşakdaky çäreleri görmek bilen deňiz porty barlag nokatlarynda “bir penjire” milli ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer:
- gämileriň portlara girmegi/çykmagy bilen bagly kagyz resminamalarynyň ýerine elektron görnüşde maglumatlary bir gezeklik ibermek üçin “bir penjire” ulgamyny guramak;
- gäminiň porta girmegi/çykmagy we halkara adalgalary ulanyp elektron habarlary standartlaşdyrmak üçin zerur bolan maglumatlaryň kesgitlemelerini we formatlaryny sazlamak (mysal üçin: gäminiň ady, IMO belgisi, kapitanyň ady, gidýän porty, konteýner belgisi we ş.m.);
- “bir penjire” ulgamyndaky maglumatlary sazlaşdyrmak, gämilere girmek/çykmak we gämi duralgalary bilen baglanyşykly maglumatlarda gözegçilik we gözegçilik edaralarynyň ähli talaplaryna laýyk gelýän maglumatlaryň we habarlaryň toplumyny kesgitlemek;
- döwlet serhedindäki deňiz barlag nokatlarynda adamlara, ulaglara, ýüklere, harytlara döwlet gözegçiligi usullaryny kämilleşdirmek.
Bulardan başga-da, FAL Konwensiýasynyň ýurdumyz tarapyndan ratifikasiýa edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda” Kararynyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäginde deňiz menzillerinde gözegçilik ýerlerinde sanly ulgama geçmegi we halkara talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge goşandyny goşar.