2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde gurnamaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi babatynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenlerine maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.