29-njy ýanwarda Brýussel şäherinde geçirilen maýa goýum forumynda Ýewropa Bileleşiginiň wise-prezidenti Waldis Dombrowskisiň eden çykyşynda "Halkara jemgyýetçiliginiň Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygy üçin 10 milliard ýewro umumy bukjany bermäge borçlanýandygyny mälim etmekden hoşaldygymy bildirýärin" -diýdi.
Bu 10 milliard ýewro möçberindäki borçnamalar - häzirki we meýilleşdirilýän maýa goýumlarydygyny Ýewropa Komissiýasy tarapyndan düşündirildi. Merkezi Aziýada ulaglary durnukly ösdürmek üçin gysga möhletde bu mukdary jemlemäge garaşylýar.
Dombrowskis, uzak möhletleýin maksadynyň Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günüň ýa-da ondanam az wagtyň içinde birleşdirjek, bäsdeşlige ukyply, akylly we çalt ulag geçelgesiniň döredilmegini belläp, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan utgaşdyrylan hereketleriň ähmiýetini, ýagny halkara maliýe guramalaryna, hususy maýadarlaryna we kompaniýalaryna ünsi çekdi.
Ýewropanyň maýa goýum banky özüniň wekilçilik edýän wise-prezidenti Tereza Çzerwinska tarapyndan Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan Hökümetleri, şeýle hem, Gazagystanyň Ösüş Banky bilen umumy bahasy 1,47 milliard ýewra barabar özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi. Bu maýa goýumlar, Ýewropa Komissiýasy tarapyndan berlen kepillikleriň netijesinde mümkin bolar.