Daşary ýurt uçarlary Türkmenitandaky halkara howa menzillerinde täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlary amala aşyrýarlar

Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlary yzygiderli amala aşyrýarlar. «Turkish Airlines», «Сибирские авиалинии», «China Southern», «Flydubai», şeýle hem Lýuksemburgyň Cargolux awiakompaniýasynyň ýük uçarlary täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Paýtagtymyzdaky halkara derejeli menzilde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 860-sy amala aşyryldy. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentligi habar berýär.

Türkmenabat halkara howa menzilinde bolsa MY Freighter (Özbegistan), Terra Avia (Moldowa), GEOSKY Airlines (Gruziýa), MNG Airlines (Türkiýe) awiakompaniýalary tehniki gonuşlary amala aşyrýarlar. Geçen ýyl bu halkara howa menzilde daşary ýurt uçarlary 193 tehniki gonuşy amala aşyrdylar.

Türkmenbaşy halkara howa menzilinde bolsa BELAVIA awiakompaniýasy täjirçilik maksatly ýolagçy uçarlarynyň, Volga-Dnepr awiakompaniýasy bolsa tehniki gonuşlaryny amala aşyrdy. Menzil 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 229-syny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 114-sini kabul etdi.

Mary halkara howa menzili bu babatda «Moalem Aviation» LLC, «Sabsan Aviation» (Gyrgyzystan), «Abu Dabi Aviation» (BAE) we «Ruby Star» (Belarus) awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Menzilde 2023-nji ýylda tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlaryň hersinden 45-si amala aşyryldy

Şeýle hem Daşoguz halkara howa menzili geçen ýylda tehniki gonuşlaryň 46-syny kabul etdi.

maglumatyň çeşmesi: https://orient.tm