Hytaýdan ýene bir blok-otly Gazagystanyň üsti bilen Baku portuna geldi. Baku halkara deňiz söwda portunyň metbugat gullugy bu barada Telegram kanalynda habar berdi.
55 sany 40 futlyk konteýnerlerden ybarat blok-otlusy, Gazagystnyň Aktau portundan “Sunkar” fider gämisde (konteýner fider gämisi) Baku portuna daşaldy. Azerbaýjandan üstaşyr geçmeli otly ýeňil awtoulaglaryny, uly gabaraly enjamlaryň böleklerini we beýleki azyk däl önümleri daşaýandygy aýdyňlaşdyrylýar. Bu ýükler Gruziýanyň Poti portuna eltiler.
Şu ýylyň dowamynda diňe Hytaýyň Sian stansiýasyndan Baku portunyň üsti bilen, ýüküň soňky nokadyna çenli 100 sany blok-otly iberiljekdigini port tarapyndan bellenilýär.
Baku porty, Trans-hazar halkara ulag marşrutynyň möhüm bölegi bolmak bilen 400 gektar meýdany tutýar. Baku şäherinden 70 km uzaklykda ýerleşýän bu portuň 13 sany gämi duralgasy bolup, Ro-Ro gämilerini, paromlary we umumy ýükleri kabul etmek üçin terminallary hem bar.