Gazagystan Türkmenistan bilen serhetde gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrýar

Gazagystan Türkmenistan bilen, şeýle hem Hytaý we Özbegistan bilen serhetde geçiş nokatlaryny giň möçberde döwrebaplaşdyrmaga başlaýar.

Döwrebaplaşdyrmak işleri täze geçiş nokatlarynyň gurulmagyny öz içine alýar. Serhetden oňaýly geçmek hem-de döwletiň gözegçilik görnüşlerini hil derejesinde geçirmek üçin zerur şertler dörediler. Döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijesinde, hereket zolaklary ep-esli giňeldiler, geçirijilik ukyby sekiz essä golaý artar, serhetden geçmegiň wagty bolsa 30 minut gysgalar. 

Şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini sanlylaşdyrmak we awtomatizasiýalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa Baş dolandyryş müdirliginde geçiş nokatlarynyň merkezleşdirilen gözegçiligini üpjün eder. Gazagystanyň maliýe ministriniň orunbasary Erjan Biržanowyň sözlerine görä, bu çäreler serhetdeş ýurtlar bilen haryt dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

maglumatyň çeşmesi: https://www.turkmenistan.gov.tm