Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi.
Neşiriň täze sany üstümizdäki ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Neşir täze sanynyň ilkinji sahypalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyna seslenmeleri paýlaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
«Körpe nesilleriň alkyşy» atly makala Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň jemlerine bagyşlanan bolsa, ýanwar aýynyň esasy şanly seneleriniň biri bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hem makala okyjylara ýetirilýär. Neşiriň täze sanynda rus dilindäki ilkinji makala guşlary goramak mowzugyna bagyşlanýar. Şondan soňra bolsa 7-lik san bilen bagly täsinlikler bilen tanşyp bilersiňiz. Gyzykly makalalaryň ýene birinde türkmen keçesi barada gürrüň berilýär.
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji sanynda «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan edýän döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasyny hem paýlaşýar. Neşiriň bir ýyllyk taryhynda ilkinji gezek däbe öwrülen «Ýaş waspçy» bäsleşiginde üç ýeňijini görüp bilersiňiz.